Accessibility links

Breaking News
Tuesday, December 11, 2018 London 07:19

Türkmenistanyň habar serişdeleri

14-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurduň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň işinden düýpli närazylyk bildirip, degişli ýolbaşçylary tankyt etdi we olaryň käbirlerini wezipeden boşatdy. Eýse, Türkmenistanda we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda näçe sany habar serişdesi bar? Şeýle-de, olaryň näçesi döwlet eýeçilginde we näçesi hususy eýeçeilikde?

“Türkmenistan” gazeti
Bu gazet 1920-nji ýylyň 29-njy iýulyndan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Ministrler kabineti. Tiražy 48907 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Нейтральный Туркменистан” gazeti
Bu gazet 1924-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Ministrler kabineti. Tiražy 39789 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Nesil” gazeti
Bu gazet 1992-nji ýylda döredildi. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi. Tiražy 55513 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Aşgabat” gazeti
Onuň esaslandyryjysy Aşgabat şäheriniň häkimligi. Tiražy 33154 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Adalat” gazeti
Bu gazet 1997-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Adalat ministrligi. Tiražy 99469 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Mugallymlar gazeti”
Bu gazet 1952-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň biim ministrligi. Tiražy 102336 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Türkmen sporty” gazeti
Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Sport baradaky komiteti. Bahasy 60 teňňe.
“Nebit-gaz” gazeti
Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi. Tiražy 34944 sany. Bahasy 1 manat.
“Biznes reklama” gazeti
Bu gazet 1998-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi. Tiražy 6264 sany. Bahasy 1 manat.
“Habarlar” gazeti
Bu gazet 1975-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşigi. Tiražy 6405 sany. Bahasy 40 teňňe.
“Rysgal” gazeti
Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi. Tiražy 11300 sany. Bahasy 1 manat.
“Türkmen dünýäsi” gazeti
Bu gazet 1991-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi. Tiražy 42742 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Türkmeniň ýüpek ýoly” gazeti
Bu gazet 1936-njy ýyldan bäri neşir edilýär. Esaslandyryjysy Türkmenistanyň Demir yol ulaglary ministrligi. Tiražy 32830 sany. Bahasy 40 teňňe.
“Bereketli toprak” gazeti
Bu gazet 2008-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esasalandyryjysy Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi. Tiražy 49113 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Esger” gazeti
Bu gazet 1993-nji ýyldan bäri çykýar. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Goranmak ministrligi. Tiražy 125468 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Edebiýat we sungat” gazeti
Bu gazet 1958-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi. Tiražy 60867 sany. Bahasy 20 teňňe.
“Galkynyş” gazeti
Bu gazet 1997-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy geňeşi. Tiražy 80022 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Türkmen gündogary” gazeti
Bu gazet 1931-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Lebap welaýatynyň häkimligi. Tiražy 46155 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Ahal durmuşy” gazeti
Onuň esaslandyryjysy Ahal welaýatynyň häkimligi. Tiražy 31344 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Daşoguz habarlary” gazeti
Onuň esalandyryjysy Daşoguz welaýatynyň häkimligi. Tiražy 39982 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Maru-şahu jahan” gazeti
Bu gazet 1931-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Mary welaýatynyň häkimligi. Tiražy 39290 sany. Bahasy 10 teňňe.
“Dünýä edebiýaty” žurnaly
Bu žurnalyň esaslandyryjysy Türkmen Döwlet neşirýat gullugy. Tiražy 9635 sany. Bahasy 5 manat.
“Garagum” žurnaly
Bu žurnalyň esalandyryjysy Türkmen Döwlet neşirýat gullugy. Tiražy 8878 sany. Bahasy 5 manat.
“Zenan kalby” žurnaly
Bu žurnal 1931-nji ýylda neşir edilip başlanýar. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi. Tiražy 103428 sany. Bahasy 3 manat.
«Возрождение» žurnaly
Bu žurnal 1937-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistnyň Demokratik partiýasynyň syýasy geňeşi. Tiražy 7431 sany. Bahasy 2 manat.
“Türkmenistanyň lukmançylygy” žurnaly
Bu žurnalyň tiražy 22845 sany. Bahasy 3 manat.
“Täze oba” žurnaly
Bu žurnal 1929-njy ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi. Tiražy 22580 sany.
“Altyn asyryň ykdysadyýeti” žurnaly
Bu žurnal 2000-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esalandyryjysy Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi. Tiražy 4505 sany.
“Güneş” žurnaly
Bu žurnalyň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Bilim ministrligi. Tiražy 107808 sany. Bahasy 2 manat.
“Diýar” žurnaly
Bu žurnal 1992-njy ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esaslandyryjysy Türkmenistanyň Ministrler kabineti. Tiražy 7545 sany. Bahasy 3 manat.
“Türkmenistanyň prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy” žurnaly
“Türkmenistanyň mejlisiniň maglumatlary” žurnaly
Bu žurnalyň tiražy 1240 sany.
“Saglyk” žurnaly
Bu žurnal 1990-njy ýyldan bäri neşir edilýär. Onuň esalandyryjysy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi. Tiražy 87063 sany. Bahasy 3 manat.
“Türkmenistanda ylym we tehnika” žurnaly
Bu žurnalyň tiražy 760 sany.
Türkmenistan
Gyrgyzystan
Täjigistan
Özbegistan
Gazagystan

Gazagystan

Gazagystanda 2695 çemesi habar serişdesi bar. Olardan 90%-ni gazet (1619) we žurnallar (808) emele getirýär. Şeýle-de, olaryň 0,5%-ni informasion gulluklar, 9,5%-ni telekompaniýalar, radiokompaniýalar düzýär. Gazgaystandaky 2695 çemesi habar serişdesiniň 436 (16%) sanysy döwlet eýeçiliginde bolup, 2259 (84%) sanysy hususy eýeçilikdedir.

Türkmenistan

Türkmenistanda jemi 21 gazet we 13 žurnal neşir edilýär. Olardan diňe biri - “Rysgal” gazeti hususy eýeçilikde hasaplanylýar. Bu gazetiň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesidir. Şeýle-de, Türkmenistanda 4 radiostansiýa we 7 telekanal bar. Olaryň ählisi döwlet eýeçiliginde.

Özbegistan

Özbegistanda 1100 çemesi habar serişdesi hereket edýär. Olaran 24 sany telakanal, 14 sany radiostansiýa hususy eýeçilikdedir.

Täjigistan

Täjigistanda 450 çemesi gazet-žurnal neşir edilýär. Olaryň takmynan 270 sanysy hususy eýeçilikde, galanlary döwlet eýeçiliginde. Şeýle-de, Täjigistanda 44 çemesi radiostansiýa we telekanal bar. Olaryň 28 sanysy hususy eýeçilikde, galanlary döwlet eýeçiliginde hereket edýär.

Gyrgyzystan

Gyrgyzystanda 159 sany gazet-žurnal neşir edilýär. Olardan diňe 3 sanysy - “Erkin too”, “Gyrgyz tuusu”, “Slowo Gyrgyzystana” gazetleri döwlet eýeçiligindedir, galanlary hususy eýeçilikde. Şeýle-de, Gyrgyzystanda 25 sany telekanal, 26 sany radiostansiýa bar. Telekanallaryň 10 sanysy döwlet eýeçiliginde, 15 sanysy hususy eýeçilikde hereket edýär. Radiostansiýalaryň 4 çemesi döwlet eýeçiliginde, galanlary hususy eýeçilikde hereket edýär.

XS
SM
MD
LG